Siriýa Ysraýylyň Palmyra hüjüminde 36 adamyň ölendigini aýdýar Attribution+  — Siriýanyň Goranmak ministrligi Ysraýylyň gadymy harabalyklary bilen belli bolan Palmyra şäherine uran howa zarbalarynda 36 adamyň ölendigini, 50-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Düýbi Angliýada ýerleşýän uruş gözegçisi, Siriýanyň Adam Hukuklary Obserwatoriýasy Ysraýylyň uran zarbalaryndan 61-e golaý adamyň ölendigini aýtdy. "Ysraýylly duşman Al-Tanf sebiti ugrundan edilen howa hüjüminde Palmyra şäherindäki binalaryň birnäçesini nyşana aldy” diýip, Goranmak ministrliginiň... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 21 min
Russiýa Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitine 'uly' hüjüm etdi Attribution+  — Russiýa 21-nji noýabr güni irden Ukrainanyň iň möhüm senagat künjegine, günorta-gündogar Dnipropetrowsk sebitine giň gerimli raketa hüjümini etdi. "Agressor ir sagatlardan başlap, biziň sebitimize köpçülikleýin hüjüm etdi" diýip, gubernator Serhiý Lysak telegramda aýtdy we, deslapky maglumatlara salgylanyp, sebit paýtagty Dniproda bir senagat desgasyna zyýan ýetendigini sözüne goşdy.  Poltawa sebitindäki Kremençukda hem partlamalaryň bolandygy habar berildi. 21-nji noýabrda ukrain... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 41 min
Žurnalist Açylowa ýolundan saklanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirildi Attribution+  — Türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalist Soltan Açylowany esassyz ýerden, mejbury ýagdaýda hassahana ýerleşdirdiler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” 20-nji noýabrda habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, häkimiýetler Türkmenistanda başga pikirlileri susdurmak üçin ulanylýan öňden gelýän “beşeriş” usulyna Açylowanyň Ženewa halkara baýragyny almak üçin uçjak wagtynyň öň ýanynda ýüz urupdyrlar. Soltan Açylowa şol gün ir sagat 9:00-da gyzy bilen Aşgabatdan Ženewa uçmaly eken, ýöne ir sagat... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 hr
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 4 hr
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 5 hr
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 6 hr
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 7 hr
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 18 hr
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 19 hr
Maýyplyk boýunça Ynanç hatlary esasynda awtoulag dolandyrylmagy dilden gadagan edilýär Attribution+  — Türkmenistanda maýyplyga degişli Ynanç hatlary esasynda ulag dolandyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar häkimiýetler tarapyndan seljerilip başlandy. PÝGG degişli barlaglar boýunça beýanat bermeýär, ýöne Azatlygyň çeşmeleri şeýle hatlary resmileşdirmek bilen bagly käbir tejribelere ünsi çekýärler. Hususan-da, Aşgabat ýa-da Ahal welaýatyna degişli ulaglaryň Mary welaýatynda maýyplyga degişli Ynanç hatlary esasynda dolandyrylmagy bilen bagly wakalar has köp üns merkezine... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 19 hr
Diňle: Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär Attribution+  — Azatlyk Radiosynyň derňewleri Moskwada galp türkmen pasportlaryny ýasap berýän adamlaryň üstüni açdy. Bu aralykda, türkmen hökümeti öz raýatlaryna konsullyklaryň üsti bilen pasport çykaryp bermekden boýun gaçyryp gelýär. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 19 hr
Türkmenabatlylar dört gün bäri suwsuz kösenýär Attribution+  — Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň tas ähli etrabynda 16-njy noýabrda irden sagat 7-de ilatyň agyz suw üpjünçiligi kesildi. Şondan bäri käbir etrapçalarda suw üpjünçiligi dikeldilen bolsa-da, şäheriň köp ýaşaýjysy heniz-de suwsuz kösenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji noýabrda sebitden maglumat berdi. “Suw üpjünçiliginiň duýdansyz kesilmegi bilen, şäher ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyny juda bökdeýär. Häzir, hususan-da, hajathana we ýuwunmak... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 20 hr
Ukraina urşuň 1000-nji gününi belledi, AÝ/AR Buça gyrgynçylygynyň täze jikme-jikliklerini açýar Attribution+  — Ukrainanyň Russiýanyň başlan giň gerimli çozuşynyň 1000 günlügini bellemegi bilen, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy konfliktiň iň elhenç pursatlarynyň birine - Buçadaky ukrain raýatlarynyň we goragçylarynyň gyrylmagyna has içgin syn etdi. Bu Ukrainanyň territorial goranyş söweşijisi Oleksi Pobihaýyň hekaýasy, onuň jesedi ruslaryň Buşada taşlanan harby merkeziniň ýerleşen ýerinden tapyldy. Elleri daňlan we kellesinde ok ýarasy bolan Pobihaý Buça gyrgynçylygynda öldürilen ýüzlerçe adamyň... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 20 hr
Diňle: Banklar daşary ýurtlardaky talyplara iberilýän $250 puly gijikdirip geçirýär Attribution+  — Lebap welaýatynda banklar daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça ibermäge rugsat berilýän 250 möçberindäki pul serişdelerini gijikdirip geçirýärler diýip, ene-atalar aýdýar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 20 hr
Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär Attribution+  — Azatlyk Radiosynyň derňewleri Moskwada galp türkmen pasportlaryny ýasap berýän adamlaryň üstüni açdy. Bu aralykda, türkmen hökümeti öz raýatlaryna konsullyklaryň üsti bilen pasport çykaryp bermekden boýun gaçyryp gelýär. “Bu pasport bilen Ýewropanyň islendik ýurduna uçar ýa-da başga ulag bilen arkaýyn gidip bilersiňiz. Ýöne bu pasport bilen diňe Türkmenistana gidip bolmaýar” diýip, Telegramda galp türkmen pasportlaryny resmileşdirmek hyzmatyny hödürleýän hem-de özüni özbegistanly Begzod... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 22 hr
Täze saglyk edarasyndaky tölegler we medisina serişdeleriniň ýetmezçiligi näsaglary lapykeç edýär Attribution+  — Aşgabatda ýakyn wagtda ulanylmaga berlen täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziň tölegleri paýtagtlylaryň köpüsinde nägilelik döredýär. Ýakynda bu merkezde saglygyna seretdiren raýatlar tölegleriň aşa gymmatdygyny aýdýar. Üstesine-de, olar merkezde iň esasy we ýönekeý derman we medisina serişdeleriniň hem tapdyrmaýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi. “Bu merkezde 10 gün saglyk bejergisini almak üçin... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 23 hr
HRW Germaniýadan çykarylan täjik aktiwistiniň tutulandygyny aýdýar Attribution+  — Täjigistana iberilen ýagdaýynda tussag edilmek hem-de gynamalara sezewar bolmak ähtimallygy barada bildirilen düýpli aladalara garaman, ýakynda Germaniýadan deportasiýa edilen täjik oppozisiýa aktiwisti Dilmurod Ergaşew ýurduna gelen badyna iki aýlyk tussag edildi diýip, Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy 20-nji noýabrda aýtdy we Berlini onuň boşadylmagy üçin basyş etmäge çagyrdy. Germaniýanyň administratiw kazyýeti 28-nji oktýabrda Ergaşýowyň deportasiýa edilmegini buýurdy. 40... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 23 hr
Hazarýaka ýurtlary Hazar deňziniň aladasyny edýär Attribution+  — BMG-niň Klimat özgermesi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP29) 29-njy sessiýasynyň çäginde, hazarýaka ýurtlarynyň resmileri Bakuwda ýynanyp, “Howanyň üýtgemeginiň fonunda Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi” meselesine seretdiler. “Orient” neşiriniň Suinfo.aza salgylanyp ýazmagyna görä, Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Eýran ýaly hazarka döwletleriniň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ýygnakda degişli ýurtlaryň hünärmenleriniň suw derejesiniň üýtgemegini... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Şolz G20-niň Russiýa ýumşak daramasyny ýazgardy, ýöne uzak aralyk raketalaryny bermejekdigini aýtdy Attribution+  — Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 19-njy noýabrda Rio-de-Janeýroda geçirilen G20 sammitiniň soňky jarnamasynda Russiýanyň Ukrainadaky uruş babatyndaky jogapkärçiliginiň aç-açan aýdylmandygyny ýazgardy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kiýewde, takmynan 11,000 km uzaklykda eden çykyşynda bu pikirler bilen razylaşdy, ýöne Berlini Kremliň giň gerimli çozuşyna garşy göreşýän ýurduna Russiýanyň has içindäki nyşnalara zarba urmak mükinjiligini berýän ganatly raketalary bilen üpjün... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarla... Attribution+  — Gyrgyzystanda geçirilen ýerli saýlawlaryň öňüsyrasynda, oppozisiýadaky syýasatçylaryň tussag edilmegi prezident Sadyr Žaparowyň režimine garşy syýasy bäsdeşlige meýilleriň ýol almajakdygyny görkezýär. Gyrgyzystanda geçen dynç güni ýerli geňeşlere geçirilen saýlawlaryň öňüsyrasynda, oppozisiýadaky Sosial-demokratlar partiýasynyň ýolbaşçylary gözenegiň aňyrsynda oturdylar. Saýlawlardan bary-ýogy birnäçe gün öň partiýanyň edaralarynda barlag geçirilip, olaryň ýolbaşçylary tussag... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Russiýa Ukrainanyň Brýanskdaky harby nyşana ATACMS bilen hüjüm edendigini aýtdy Attribution+  — Ukraina öten agşam Brýank sebitine eden hüjüminde ABŞ tarapyndan berlen ATACMS raketalarynyň alty sanysyny ulandy, rus güýçleri bu raketalaryň bäşisini urup gaçyrdy, ýene birine bolsa zyýan ýetirdi diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi 19-njy noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy. Ministrligiň maglumatyna görä, zyýan ýeten ATACMS raketasynyň bölekleri harby nyşananyň üstüne gaçyp, ýangyn turmagyna sebäp boldy. Ýöne bu ýangyn derrew öçürildi diýip, ministrlik pida bolan adamyň bolmandygyny... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Gazak alymy 10 ýyllap hazar düwlenlerini goramak ugrunda göreşýär Attribution+  — A 10-year obsession with unique Caspian seals almost ended during the trauma of a mass die-off, but this Kazakh scientist refuses to give up. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Ene-atalar: Banklar daşary ýurtlardaky talyplara iberilýän $250 puly gijikdirip geçirýär Attribution+  — Lebap welaýatynda banklar daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça ibermäge rugsat berilýän 250 möçberindäki pul serişdelerini gijikdirip geçirýärler diýip, ene-atalar aýdýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal oktýabr aýynda türkmen banklary tarapyndan daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara 250 dollar möçberinde pul serişdesini döwletiň kesgitlän resmi alyş-çalyş nyrhyndan ýeňillikli geçirmäge rugsat berýän ýörite bir tilsimiň işe... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Diňle: Türkmenistanyň gazet-žurnallaryna mejbury abuna ýazylyşyk möwsümi batlandy Attribution+  — Türkmenistanda gazet-žurnallara býujet işgärlerini, talyplary hatda mekdep okuwçylaryny mejbury abuna ýazmak möwsümi batlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary abuna möwsüminiň Mary we Lebap welaýatlaryndaky aýratynlyklary barada habar berýärler. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Diňle: Özbegistanyň Medeniýet günleriniň fonunda özbek azlyklary özleriniň hak-hukuklaryny talap edý... Attribution+  — 18-nji noýabrda Türkmenistanda Özbegistanyň medeniýet günlerine badalga berildi. Aşgabadyň Mukamlar köşgünde geçirilen açylyş dabarasynda özbek sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Prezidentiň kadr çalşygyndan soň, Balkanda ýagyň ýalan söwdasy gurnaldy Attribution+  — Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji noýabrda ýurduň söwda toplumynda geçiren kadr çalşygyna garamazdan, ilatyň azyk üpjünçiligi we nyrh meselesinde ýagdaý üýtgemeýär. Balkan welaýatynyň häkimiýetleri, hamala, sebitde bazar nyrhyndan biraz arzan ýagy aç-açan satylýan ýaly edip görkezmek üçin onuň emeli satuwyny ýola goýup, wideo düşürdiler. Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary azyk we nyrh meselesiniň gowulanmaýandygyny aýdyp, il arasyndaky tankydy garaýyşlaryň geriminiň artýandygyny... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Balkanda möhleti geçýän dermanlar saglyk işgärleriniň üstüne mejbury ýüklenýär Attribution+  — Balkanyň saglyk resmileri ýakyn wagtda ulanyş möhleti geçýän dermanlary saglyk işgärleriniň üstüne mejbury ýükleýärler. Resmiler satylman galan bu derman serişdeleriniň pulunyň saglyk işgärleriniň dekabr aýlygyndan saklanyp alynjakdygyny aýdýarlar. Tabşyryga garşylyk görkezýän işgärlere wezipesinden boşadyljakdygy barada haýbat atylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy noýabrda sebitden maglumat berdi. “Müdirlik ýakyn wagtda möhleti geçýän, jemi 2,5 million... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
10 aýda Özbegistana 145 müňden gowrak türkmenistanly syýahata bardy  Attribution+  — Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 145 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etmäge bardy diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp habar berdi. Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bu ýurda syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 5-nji orunda durýar, bu döwürde Özbegistana 145,1 müň türkmenistanly syýahat edipdir. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, hasabat döwründe Özbegistana Täjigistandan 1 million 878 müň, Gyrgyzystandan 1 million 870... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Şwesiýa, Finlandiýa ýaşaýjylary krizislere, urşa taýyn bolmaga çagyrýar Attribution+  — Şwesiýa 18-nji noýabrda ýaşaýjylara mümkin bolan urşa nädip taýýarlanmalydygyny maslahat berýän kitapçalaryň millionlarçasyny ibermäge başlady, Finlandiýa krizis ýa-da konflikt ýüze çykan halatynda raýatlaryň taýýar bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen täze web sahypasyny açdy. Demirgazykdaky goňşular Russiýa 2022-nji ýylda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlanyndan soň NATO-a goşulmak kararyna gelip, onlarça ýyl eýeren harby goşulyşmazlyk ýörelgelerinden el çekdi. "Howpsuzlyk ýagdaýy... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Russiýa Ukrainanyň Brýanskdaky harby nyşana garşy ATACMS ulanandygyny aýdýar Attribution+  — Russiýanyň Goranmak ministrligi 19-njy noýabrda çap eden beýanatynda Ukrainanyň öten agşam Brýank sebitine eden hüjüminde ABŞ tarapyndan berlen ATACMS raketalarynyň alty sanysyny ulanandygyny, rus güýçleriniň bu raketalaryň bäşisini urup gaçyrandygyny, ýene birine bolsa zyýan ýetirendigini aýtdy. Ministrligiň maglumatyna görä, zyýan ýeten ATACMS raketasynyň bölekleri harby nyşananyň üstüne gaçyp, ýangyn turmagyna sebäp boldy. Ýöne bu ýangyn derrew öçürildi diýip, ministrlik ölen adamyň... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýär Attribution+  — Türkmenistanyň kaşaň deňiz kenaryndaky dynç alyş dynç alyşy üçin deňizden başga zerur zatlar bar. Hazar deňzindäki suwuň derejesi ýyllar boýy azalýar we izolirlenen ýurduň syýahatçylyk baýdagyny belent we gurak galdyrýar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Özbegistanyň Medeniýet günleriniň fonunda özbek azlyklary özleriniň hak-hukuklaryny talap edýärler Attribution+  — 18-nji noýabrda Türkmenistanda Özbegistanyň medeniýet günlerine badalga berildi. Aşgabadyň Mukamlar köşgünde geçirilen açylyş dabarasynda özbek sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki bir anonim emeldara salgylanyp, özbek medeniýet günleriniň çäginde geçirilýän iri dabaralaryň birnäçesiniň bu gezek Lebap welaýatynda hem geçirilýändigini aýdýar. “Adatça, Özbegistan bilen... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Prezidentiň kadr çalşygyndan soň, Balkanda ýagyň emeli satuwy ýola goýuldy Attribution+  — Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji noýabrda ýurduň söwda toplumynda geçiren kadr çalşygyna garamazdan, ilatyň azyk üpjünçiligi we nyrh meselesinde ýagdaý üýtgemeýär. Balkan welaýatynyň häkimiýetleri, hamala, sebitde bazar nyrhyndan biraz arzan ýagy aç-açan satylýan ýaly edip görkezmek üçin onuň emeli satuwyny ýola goýup, wideo düşürdiler. Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary azyk we nyrh meselesiniň gowulanmaýandygyny aýdyp, il arasyndaky tankydy garaýyşlaryň geriminiň artýandygyny... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Türkmenistan metan syzmasyna garşy göreşmek üçin hünärmen toplar - metbugat Attribution+  — Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki gaz öndürijisi, metanyň bölünip çykyşyny kesgitlemek üçin, bu işe hünärmenleri çekmegi meýilleşdirýär diýip, “Bloomberg” habar berýär. Bu çäre, neşiriň bellemegine görä, ýurduň uly möçberdäki ýyladyşhana zyňyndylaryny çäklendirmek ugrunda edýän tagallalarynda möhüm ilerleme bolar. Bu meseleden habardar adamlaryň aýtmaklaryna görä, "Türkmengaz" ýakyn aýlarda, belki-de ýanwar aýynda metana gözegçilik etmek boýunça tender yglan etmegiň üstünde... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1 d
Russiýanyň Sumy hüjüminde 6 adam, şol sanda 1 çaga öldi Attribution+  — Russiýanyň öten agşam Ukrainanyň Sumy sebitiniň Hluhow şäherine uran täze zarbasynda alty adam, şol sanda bir çaga ölüp, 12 adam ýaralandy. Bu hüjümde şäherdäki umumy ýaşaýyş jaýy nyşana alyndy diýip, sebitiň harby administrasiýasy 19-njy noýabrda, irden habar berdi. Häkimiýetler halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini we harabalygyň aşagynda galan adamlaryň hem bolup biljekdigini aýtdylar. Bir gün öň, 18-nji noýabrda Russiýa serhedinden 40 km uzaklykda ýerleşýän Sumy şäherine... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
G20 Gazada, Liwanda atyşygy bes etmäge çagyrýar Attribution+  — G20 liderleri 18-nji noýabrda Braziliýada geçirilýänn sammitde bilelikde beýanat çap edip, Gazada we Liwanda atyşygy "hemmetaraplaýyn" bes etmäge çagyrdylar. Dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň liderleri ABŞ-nyň Gazada zamunlaryň ählisiniň boşadylmagynyň deregine atyşygy hemişelik bes etmek baradaky teklibiniň ýerine ýetirilmegine, şeýle-de Liwanda atyşygy bes edip, Gök liniýanyň iki tarapynda raýatlaryň öýlerine sag-aman dolanmagyna mümkinçilik berilmegine" çagyrdylar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
ABŞ Türkiýä Hamasyň ýolbaşçylaryny kabul etmezlik duýduryşyny berdi Attribution+  — Birleşen Ştatlar 18-nji noýabrda Türkiýä Hamasyň, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen toparyň ýolbaşçy agzalaryny kabul etmezlik barada duýduryş berip, Waşingtonyň terror guramasynyň ýolbaşçylarynyň rahat ýaşamalydygyna ynanmaýandygyny aýtdy. Hamas liderleriniň käbiriniň Katardan Türkiýä göçendigi baradaky habarlar barada soralanda, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Matthew Miller bu habarlary tassyklamady, ýöne olary ret hem bilmejekdigini... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar? Attribution+  — Rus harbylary Hazar deňzinden Ukrainanyň territoriýasyna raketalary goýberýän bolsa gerek, bu doly möçberli urşuň barýan ýerinde, adam we maddy ýitgileri artdyrmakdan daşary-da, dünýäde iň uly kölüň ekosistemasyna hem zyýan ýetirýär. Orsýetiň Hazar deňzinden we oňa golaý suw howdanlarynyň çäklerinden Ukraina raketalary goýberip, ölüm we heläkçilik getirýär. Bu ýagdaýda Hazaryň tebigatyna ýetirýän täsiri henizem kesgitlenmän gelýär. Ukrain resmileri rus uçarlarynyň 2022-nji ýylda doly... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
Täzelikler Attribution+  — Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar. ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d
Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylara Täze ýyly bellemegiň gadagandygy duýdurylýar Attribution+  — Aşgabadyň orta mekdeplerinde bilim resmileri okuwçylara öýlerinde we köçelerde Täze ýyl baýramyny bellemezligi tabşyrýarlar. Olar tabşyrygy bozan okuwçylaryň we olaryňs ene-atalarynyň administratiw temmilere sezewar ediljekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi. “Mekdep mugallymlary okuwçylara Täze ýyly goňşulary, dogan-garyndaşlary bilen üýşüp bellemegiň, şatlanmagyň gadagandygyny duýdurýarlar. Olar bu barada Bilim... ... Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 2 d